GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY KITABYNYŇ XVI TOMYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI tomynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglygy goraýyş ulgamynda hem täze ösüşler gazanylýar. Türkmen tebigatynda hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak ençeme dermanlyk ösümlikler ösýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI tomy okyjylar köpçüligine ýetirildi. Bu bolsa türkmen halkymyzy diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Diýarymyzyň melhemlik, jana tenekar ösümliklerini ylmy esasda öwredýän bu gymmatly kitap, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleriniň aýdyň mysalydyr.
Biz Gahryman Arkadagymyzyň täze ýazjak eserlerine, kitaplaryna kitaphanaçylar bolup uly höwes bilen garaşýarys. Çünki ol eserlerde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza hem-de türkmen halkymyzyň aladasy ugrunda uly çäksiz söýgi bar.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamynyň ýiti, janynyň sag, il ýurt bähbitli işleriniň elmyda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.