GADYMYÝETDEN GAÝDAR ASLY, MEŞHUR TÜRKMEN ALABAÝY
Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň gurnamagynda «Gadymyýetden gaýdar asly, meşhur türkmen alabaýy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Arassa tohumly itleriniň Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda berilen gyzykly maglumatlar barada aýratyn nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby diňe bir dünýäde iň gadymy tohumlaryň biri bolan meşhur alabaý tohumynyň gelip çykyşy we ösüşi barada gürrüň bermek bilen çäklenmän, eýsem, alabaýyň medeni gymmatlygyny we özboluşlylygyny açyp görkezýär. Türkmen alabaýy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ahalteke bedewi, türkmen halysy ýaly milli gymmatlyklar bilen bir hatarda durýar. Olar türkmenleriň sazlaşyk, gözellik, maddy we ruhy gymmatlyklary baradaky düşünjelerini we garaýyşlaryny beýan edýän çuň manyly keşplere öwrülip, halk medeniýetiniň möhüm gatlagyny emele getirýär. Bu gaýduwsyz itler daşyndan haýbatly bolup görünse-de, itleriň şu tohumy bilen ýakyndan tanyş bolan her bir adam daşky keşbiniň aňyrsynda özüne mähirli garaýşa sarpa goýmagy başarýan mährem ýüregiň gizlenip ýatandygyna oňat düşünýär. Alabaý çagalara mähremdir, olara özi bilen oýnamaga mümkinçilik berýär we şoňa görä-de, maşgalanyň hakyky agzasyna öwrülýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajajyp jümlelerinde şeýle bellenilip geçilýär: «sakçy it hökmünde deňi-taýy bolmadyk alabaý özüniň eýesini we ony gurşap alýan zatlaryň ählisini: öýüni, dogan-garyndaşlaryny we esasan hem çagalary buýsanç bilen gorar» diýip belläp geçýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz uzak ýyllaryň dowamynda wepadarlygyň, edermenligiň nusgasy hökmünde arzylanyp gelen türkmen alabaý itleriniň aýratynlygy, ösdürilip ýetişdirilişi, wepadarlygy hakynda giňişleýin gürriň berdiler. Türkmen alabaýynynyň wepalyly, edermenligi barada Gahryman Arkadagymyzyň eserinden ugur alnyp kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda meşhur türkmen alabaýlarynyň dünýä derjesinde at-abraýyny mundan beýläk hem ösmegine uly itergi berýän, halkyny abadan we bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.