GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI NESILLERE NESIHAT


GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI NESILLERE NESIHAT

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri nesillere nesihat» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan çykýan ajaýyp eserleri türkmen halkymyza nusgalyk çeşme bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini halkymyzyň ruhy we maddy gymmatlyklarymyz, medeni baýlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz hakynda söz açýan her bir sözlerinde geçmişiň müň bir paýhasy, röwşen geljegiň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar. Durmuş tejribelerinden süzülip alnan we her bir adama kämillik mekdebiniň mugallymy hem-de ýol görkeziji ýan kitabyna öwrülen eserleri nesillerimize görelde bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerinde döwleti dolandyrmagyň we halkyň aladasyny etmegiň, ukyp-zehini bilen halka berilmegiň nusgasyna öwrülen, döwrebap we uzak geljege niýetlenen syýasy pähimleri açyp görkezýän romanlary, milli ýörelgelerimizden, medeni mirasymyzdan, halkyň ruhy genji-hazynasyndan söz açýan ajaýyp ylmy-çeper eserlerinde örän peýdaly manylary özünde saklaýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda gymmatly eserleri türkmen halkyna peşgeş berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.