ŞYGRYÝET ÄLEMINIŇ USSADY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat söwda dynç alyş merkezinde «Şygryýet äleminiň ussady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary ynsan kalbyny ruhlandyrýandygy hakynda söhbet etdiler. Beýik Pyragynyň döredijiligi hakykatdan hem bir ummandyr, onuň eserleri diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna girendigi, bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt ündewleri ýadygär goýandygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmeniň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny giňden öwrenmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.