KONSERWATORIÝANYŇ «ZEHINLI ÝAŞLARY» ATLY SAZ FESTIWALY
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwaly dowam edýär. Ýakynda hem «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň mugallymlary Baýramberdi Dolyýewiň we Babaguly Goşaýewiň bilelikdäki konserdi geçirildi. Konserde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzyň talyp ýaşlary we halypa mugallymlary gatnaşdylar.
Konsert «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Babaguly Goşaýewiň ussatlarça ýerine ýetirmeginde, Zemfira Japarowanyň sazandarlyk etmeginde Ç.Nurymowyň «Truba we orkestr üçin konserdi» bilen başlady. Koserdiň dowamyda W.Şelokowyň №1 Konserti we P.I.Çaýkowskiniň «Den li sarit» atly eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirilip tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Babaguly Goşaýewiň ýerine ýetirip beren bu ajaýyp eserleri tomaşaçylaryň ruhuny galkyndyrdy we gyzgyn el-çarpyşmalara mynasyp boldy.
Dabaraly konserdimiz «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Baýramberdi Dolyýewiň konsert programmasy bilen dowam etdi. Baýramberdi Dolyýewiň ýerine ýetirmeginde, Amangül Bazarowanyň sazandarlyk etmeginde konserdimiz S.Taneýewiň «Kansona» eseri bilen dowam etdi. Konserwatoriýamyzyň mugallymy Baýramberdi Dolyýewiň ussatlarça ýerine ýetirmeginde M.Arnold «Sonatina» 2-3-nji bölümleri, K.M.Webu 2-nji konsertiň 1-nji bölümi ýaňlanyp konserde gatnaşan mugallymlaryň, halypalaryň we talyp ýaşlaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» atly saz festiwalynyň dowamynda şeýle ussatlyklar bilen çykyş eden «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» kafedrasynyň mugallymlary Baýramberdi Dolyýewiň we Babaguly Goşaýewiň bilelikdäki uly üstünlikli geçiren konserdi tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallarynyň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi biz ýaşlaryň zehinlerini kämilleşdirmäge, höweslerini has-da artdyrmaga uly itergi berýär. Bize şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.