MOSKWADA MAGTYMGULYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN «MAGTYMGULY WE ONUŇ DÜNÝÄ MEDENIÝETINDE TUTÝAN ORNY» ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI


MOSKWADA MAGTYMGULYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN «MAGTYMGULY WE ONUŇ DÜNÝÄ MEDENIÝETINDE TUTÝAN ORNY» ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHATY GEÇIRILDI

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyz belent üstünlikler bilen ösüşlerden ösüşlere barýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda hem gadymdan gelýän milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar.

Ynha, şeýle çäreleriň biri hem ýakynda geçirilen Moskwanyň N.Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VIII Halkara sungatlaryň Festiwalydyr. Bu festiwalyň çäklerinde ýaňy-ýakynda (28.10.2024) beýik şahyr-akyldarymyzyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlanan «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetinde tutýan orny» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň saz sungatynyň ussat mugallymlary, tanymal döwrebap kompozitorlary, belli sazşynas alymlary gatnaşdylar. Maslahat onlaýn görnüşde geçirilen.

Maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň müdiri, uly mugallym B.Ýakubowa, uly mugallymlary G.Ýazmämmedowa, L.Babaýewa, G.Magtymgulyýewa, R.Ataýew, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty A.Açylow we «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ý.Osipowa, uly mugallymy G.Mämmedowa gatnaşyp gyzykly çykyş etdiler. Çykyşlaryň temalary dürli-dürli bolupdyr. Olaryň käbirlerini görkezeliň: B.Ýakubowanyň «Türkmen bagşylarynyň döredijiliginde Magtymgulynyň şygryýeti», pedagogiki ylymlaryň kandidaty A.Semenýugiň «Magtymguly sazda: Russiýanyň döwlet kitaphanasynyň gaznasyndan», Sankt-Peterburg sazçylyk uçilişesiniň mugallymy, saz öwreniji T.Solodkowanyň «Magtymguly Pyragy–Arseniý Tarkowskiý: ykballaryň dialogy», G.Mämmedowanyň «Saz rowaýaty: W.Muhadowyň döredijiliginde Magtymgulynyň keşpi» we beýlekiler.

Bu dabaraly çärä Türkmenistanyň RF-da ilçisi E.M.Aýdogdyýew gatтaşdy. Ol Russiýa Federasiýasynyň Döwlet kitaphanasynyň gaznasyna ,«Magtymguly Pyragynyň goşgulary» atly kitabyny sowgat berdi. Şeýle-de çäräniň dowamynda Magtymgulynyň goşgularyna häzirki zaman rus kompozitorlarynyň täze aýdym-romanslary ýerine ýetirildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetinde tutýan orny» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hem halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrdy. Medeni gatnaşyklaryň berkidilmegi halklaryň arasynda dost-doganlygy ösdürýär, halkara gatnaşyklarynyň röwşen geljegini üpjün edýär. Şu ajaýyp ýylymyzda hem medeniýet diplomatiýasy has-da rowaçlanýar, çünki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Turuwbaşdan pursatlary, halk bähbitli çözgütleri, oňyn özgertmeleri özünde jemlän ylmy-amaly maslahat ýokary ruhubelentlikde geçdi.

Mundan beýläk hem türkmen halkynyň şeýle döwletlilik ýörelgeleri dowamat-dowam bolsun! Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!



Maral AKMÄMMEDOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby