KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Arkadag» teleýaýlymy bilen bilelikde «Köňülleriň çyragy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Ussat şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli geçirilen bu söhbetdeşlikde ýazyjymyzyň ömri we döredijiligi hakynda şeýle hem Kerim Gurbannepesowyň ajaýyp kitaplary barada gürrüň edildi. Ýaş nesilleri terbiýelemekde şahyryň döreden adamkärçilik, arassa ahlaklylyk ýaly baý duýgulary oýarýan goşgulary hakynda hem aýdyldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan edebiýat ägirtlerimize uly hormat goýup, olaryň döredijiligini öwrenmeklige ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.