KITAP WE KITAPHANA IŞI HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK


KITAP WE KITAPHANA IŞI HAKYNDA SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan «Kitap we kitaphana işi hakynda» söhbetdeşlik geçirildi. Häzirki döwürde Türkmenistanda kitaba bolan özboluşly garaýyş has-da aýdyň ýüze çykýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň kitaphanalar ulgamynda alnyp barylýan işler döwrebap guralyp, bu işde dünýä tejribesinden giňden peýdalanylýar. Munuň özi kitaba uly sarpa goýýan halkymyzyň ruhy hazyna deňeýän kitaba bolan gyzyklanmasynyň has-da artmagyna täsir edýär.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphananyň taryhy, geçmişi hem-de şu güni hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen gyzykly gürrüňleri berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.