MAGTYMGULY PYRAGY–TÜRKMENIŇ ŞAM ÇYRAGY


MAGTYMGULY PYRAGY–TÜRKMENIŇ ŞAM ÇYRAGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen «Magtymguly Pyragy–Türkmeniň şam çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okuwçylara Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti, ýaşlarda watançylyk, mertlik, adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler.

Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.