SES GOŞULÝAR DÖWRÜŇ BEDEW BADYNA...


SES GOŞULÝAR DÖWRÜŇ BEDEW BADYNA...

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşlarynyň mazmuny barada «Parahatçylyk we ynanyşmak Bitarap Türkmenistanyň nusgalyk ýoly» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik «Miras» teleýaýlymyna ýazgy edildi.

Gepleşige Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymlary Annanabat Hojamämmedowa, Gülşirin Otuzowa hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti, «Türkmen sazy» kafedrasynyň uly mugallymy Aýgül Ýagşyýewa dagylar gatnaşdy.

Gepleşikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty, ähli ulgamda ýetilýän beýik sepgitler, ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, medeniýet, sungat ulgamyna goýulýan belent sarpalar dogrusynda giňden bellenilip geçildi. Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.

Gepleşikde halkyny sowulmaz döwrana ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler dillerde sena bolup ýaňlandy.



Keýik ARTYKOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Saz mugallymy» kafedrasynyň V ýyl talyby