Nobatdaky arheologik tapyndylar türkmen paýtagtynyň gadymylygyny tassyklaýar
Türkmen topragynda saklanyp galan arheologik we binagärlik ýadygärlikleri biziň döwürdeşlerimize we nesillerimize entek köp zatlary gürrüň bermäge ukyplydyr. Şol ýadygärlikleriň köpüsi Beýik Ýüpek ýolunyň söwda ýollarynyň ugrunda gaýnap joşan durmuşyň şaýatlary bolupdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň medeniýetine we mirasyna bagyşlanan kitaplarynda Ýewraziýanyň köp ýurtlarynyň we halklarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň ilkinji aýdyň beýanyna öwrülen dünýä taryhynyň özboluşlylygynyň many-mazmunyny açyp görkezýär. Şol halklar yklymara kerwen söwdasy arkaly medeniýetleriň gatnaşyklarynyň başyny başladylar.
Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda belleýşi ýaly, Ýewraziýa kontinentiniň Gündogaryny we Günbataryny birleşdiren bu gadymy ulag ýolunyň kemala gelmeginde we işjeň hereket etmeginde türkmen halkyna esasy orunlaryň biri degişlidir.
Milli Liderimiz taryhy ylmy mundan beýläk-de ösdürmek we medeniýet ulgamynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de geçmişiň ýadygärliklerini goramak boýunça birnäçe möhüm çäreleri gördi. Munuň özi medeni mirasy öwrenmek we aýawly saklamak işine hem-de bu pudagyň hünärmenleriniň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmegine kuwwatly itergi berdi.
Ilkinji nobatda, munuň özi Türkmenistanyň «Milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny goramak hakyndaky» Kanuna, şeýle hem Türkmenistanyň «Medeniýet hakyndaky» Kanunyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan taryhy, arheologik, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy landşaftyň desgalarynyň goralýan zolaklaryny guramagyň Tertibi bilen baglanyşyklydyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goralmagyny üpjün etmek meseleleri hakyndaky» Karara gol çekilmegi nobatdaky möhüm ädim boldy. Şol Karara laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýer, ýol-gurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibi tassyklanyldy.
Mundan beýläk eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridik şahslar hem-de Türkmenistanyň çäginde şeýle işleri amala aşyrýan fiziki şahslar şu Tertipde göz öňünde tutulan kadalary ýerine ýetirmäge borçludyr. Munuň özi oba ýerlerinde raýatlara şahsy kömekçi hojalygy hem-de şäherlerde we şäherçelerde şahsy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin berlen ýerlere degişli däldir.
Elbetde, tötänleýin açylan tapyndylary öňünden görmek mümkin däldir. Şoňa görä-de, gurluşyk işleriniň barşynda taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da beýleki medeni gymmatlyklaryň alamatlaryna eýe bolan desgalar ýüze çykarylanda, bular barada gaýra goýman Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlige ýa-da onuň ýerlerdäki bölümlerine – döwlet taryhy-medeni goraghanalara habar berilmelidir.
Bu resminama güýje girenden soň, geçen iki ýylyň dowamynda täze gurluşyk üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň dört müňden gowragynda barlag işleri geçirildi. Şol ýerlerde üsti ýapyk ýadygärlikleriň bardygy ýa-da ýokdugy barlanyldy.
Indi şäherleriň we olardaky etraplaryň baş meýilnamalarynyň taslamalary işlenip taýýarlanylanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, Medeniýet ministrligi bilen ylalaşylyp düzülen taryhy-medeni ýadygärlikleriň çyzgy-kartalary, şeýle hem olaryň taryhy-binagärlik meýilnamalary goşulmalydyr.
Milli müdirlik netijenamalary berýär, şolaryň esasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi täze gurluşyklaryň hödürlenen meýilnamalaryny ylalaşýar. Ýurdumyzyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärliklerine howp döredýän taslamalar olaryň aýawly saklanmagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler geçirilen ýagdaýynda amala aşyrylyp bilner.
Şol çäreler taslamalaryň taslama-smeta resminamalarynda göz öňünde tutulmalydyr. Ýüze çykarylan howp ol ýa-da beýleki ýadygärligiň aýawly saklanylmagyna gabat gelmeýän bolsa, Medeniýet ministrligi anyk taslamanyň durmuşa geçirilmegini bes etmek baradaky çözgüdi kabul edip biler.
Bu çözgüt degişli ýuridiki ýa-da fiziki şahsa, şeýle hem taslamany maliýeleşdirýän bank edarasyna iberilýär. Şeýle ýagdaýda potratçy bir sagatdan gijä galman taslamany durmuşa geçirmegini bes etmäge borçludyr, bank bolsa günüň dowamynda maliýeleşdirmegi togtatmalydyr.
Çözgütde ýüze çykarylan desganyň goraglylygyny üpjün etmek we howpy aradan aýyrmak üçin görülmeli çäreler hem görkezilýär. Eger-de, ýüze çykarylan desganyň medeni gymmatlyk bolup durmaýandygy aýan bolsa ýa-da hakyky gymmatly ýadygärligiň goraglylyk howpy aradan aýrylan bolsa, Medeniýet ministrligi degişli çözgüdi kabul edýär. Oňa laýyklykda, gurluşyk işleri dowam etdirilip bilner. Golaýda bolan waka hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilýändiginiň subutnamasy bolup biler. Aşgabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurulýan 16-njy tapgyryň ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerasty kommunikasiýalar çekilen mahalynda, gurluşykçylar gadymy oturymly ýeriň yzlaryny ýüze çykardylar.
2 metrden gowrak çuňlukda ekskawatoryň susagy tötänden ägirt uly keramiki gaba degdi. Ol beýikligi 1 metre golaý bolan hum bolup çykdy. Işler şol bada bes edildi hem-de bellenen kadalara laýyklykda, tapyndy baradaky maglumat Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlige gelip gowuşdy.
Bu ýere gelen arheologlaryň topary gazylan ýeri öwrendi we şol ýere ýanaşyk meýdanda gazuw-agtaryş işlerini amala aşyrdy. Şonuň netijesinde oňat saklanyp galan humlaryň ýene-de ikisi ýüze çykaryldy. Olaryň ählisi köp asyrlar mundan ozal şu ýerde bar bolan binanyň otaglarynyň birinde ýerleşýärdi.
Hünärmenler aňsatlyk bilen tapyndylaryň takmynan ýaşyny hem-de medeni degişliligini kesgitlediler. Olar däne ýa-da suwuklygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary bolup çykdy: gaplaryň içki diwarlaryndaky çökündileriň himiki seljermesi önümleriň ýerine ýetiren wezipesini anyklamaga ýardam eder.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňky iki müň ýylyň dowamynda häzirki Aşgabadyň çäginde we onuň töwereklerinde galalaryň, mülkleriň hem-de oturymly ýerleriň tutuş ulgamy ýerleşipdir. Olar biri-birinden ep-esli aralykda ýerleşipdir.
Şol ýerde, gadymy Köşi türkmen obasynyň ýerlerinde, baryp geçen asyryň ortalarynda Parfiýa döwrüne degişli uly galalaryň ikisini we uly bolmadyk harabalyklaryň hataryny görmek bolýardy. Türkmenler uly depäni Köne gala diýip atlandyrypdyr. Onuň beýikligi 13 metre barabar bolupdyr we çig kerpiçden gurlan desgalaryň galyndylaryny saklap galypdyr.
70 ýyla golaý mundan ozal alymlar hem-de «Ýaş taryhçy» jemgyýetine giren aşgabatly talyplar we mekdep okuwçylary bu depeleri öwrenipdir hem-de keramiki peçleriň we içinde uly humlar ýerleşýän otaglaryň birnäçesiniň galyndylaryny ýüze çykarypdyr.
Olaryň biriniň düýbünde kömre öwrülen dänäniň galyndylary ýerleşipdir. Olar Köne galadan uzak bolmadyk ýerde depeleriniň toparyny ýüze çykardylar. Şol depeler özleriniň göwrümi boýunça biri-birinden ýüzlerçe metr uzaklykda ýerleşen ýaşaýyş toplumlarynyň galyndylaryny ýatladýardy.
Şol ýerden tapylan keramiki gaplaryň aýratynlyklary boýunça olaryň ählisi parfiýa döwrüne degişli bolupdyr. Ýöne, adamlaryň şol ýerde has giçki döwürlerde, eýýäm orta asyrlarda ýaşandyklarynyň alamatlary hem az bolmandyr.
Gadymy Aşgabadyň galalary, goralýan oturymly ýerleri we köşkleri ýarym aýlaw görnüşinde ýerleşip, gündogardan günbatara tarap uzalyp gidirdir. Olar Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ugurlarynyň ählisini öz içine almak bilen çäklenmän, eýsem, Parfiýanyň özüni we onuň baş şäherini – Parfiýa imperiýasynyň paýtagty bolan Nusaýy özüne birleşdiripdir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.
Taryhçylar häzirki Aşgabadyň merkezi bölegindäki oturymly ýeriň eýýäm şol döwürde uly şäher görnüşinde bolandygyny çaklaýarlar. Ol kärizler ulgamy bilen gurşalypdyr hem-de suw geçiriji ulgama eýe bolupdur.
Şol döwürde Türkmenistanyň çägindäki suw geçirijiler nähili bolupdyr?
Olar bişen toýundan ýasalan berk turbalar bolupdyr. Şol turbalar paýtagtymyzyň «Gülüstan» söwda merkeziniň golaýynda, telefon kabeli çekilen mahalynda tötänden ýüze çykarylan turbalara meňzeş bolupdyr. Bu ýagdaý geçen asyryň edebiýatynda beýan edilen, hakykata laýyk gelmeýän pikiri ret edýär. Şol pikire laýyklykda, Aşgabadyň merkezi bölegi XIX asyryň ahyrynda boş ýerde peýda bolupdyr.
Eger-de biz Orta Aziýanyň beýleki şäherlerine mahsus bolan tutuş gurluşyklary ýüze çykarmaýan bolsak, bu ýagdaýda Ahalyň taryhy şäherleriniň özboluşlylygy äşgär bolýar. Şäher giňişliginiň guralyşy goranyş maksadyna esaslanypdyr hem-de şäher senetleriniň we ekerançylygyň ysnyşykly utgaşmagy bilen baglanyşykly bolupdyr.
Häzirki döwürde biziň ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini we arheologik gazuw-agtaryş işlerini geçirmek, şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini 2018 — 2021-nji ýyllarda wagyz etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.
Şu maksatnama laýyklykda, Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi hem-de Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty Ahal welaýatynyň Abiwerd, Parzdepe, Şahrihaýbar, Şähristan ýadygärliklerinde, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda, Lebap welaýatynyň Amul we Daýahatyn ýadygärliklerinde, Mary welaýatynyň Daşrabat (Daňdanakan) hem-de Uly Gyzgala ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerini amala aşyrýarlar.
Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri eýýäm bu ylmy-barlaglaryň ilkinji netijeleri barada habar berdiler we ýakyn geljekde biz arheologlaryň täze açyşlary hem-de ussat restawratorlaryň üstünlikleri barada ençeme gezek eşideris.