TÜRKMEN NUSGAWY GITARA SUNGATYNDA TÄZELIK
Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan aýdym-saz we sungat mekdepleri üçin nusgawy gitara baradaky ilkinji okuw kitaby Türkmenistanda ilkinji gezek neşir edildi.
Okuw kitaby barada aýtsak, ol 9 bapdan we 200 sahypadan ybarat bolup, birnäçe görnüşde ululy-kiçili sazlardan, esasan çagalar we ýörite sazçylyk sungat mekdeplerinde okaýan ýaşlar üçin niýetlenendir. Şeýle hem kitapda okuwçylaryň tehniki ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin maşklar we okuwlar barada maglumatlar ýerleşdirilendir.
Birnäçe ýyllaryň dowamynda uly zähmet siňdirilen bu okuw kitabynyň awtorlary barada aýtsak, olar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy, ussat gitaraçy Myrat Gurbanow we onuň gyzy Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sazçylyk we sungat mekdebiniň ýaş mugallymy, ýurdumyzyň ilkinji zenan gitaraçysy Leýli Nasyrowadyr.
Kitapda diňe bir türkmen professional kompozitorlarynyň aýdym-saz eserleri däl, eýsem, Ýewropanyň birnäçe ýurtlary Ispan, Italýan, öňki sowet döwletleri bolan Rus, Özbek, Azerbaýjan, Eston, Ukrain, Gruzin, Gazak halklary we nusgawy kompozitorlarynyň sazlary hödürlenýär.
Ýakyn wagtda bu kitap ýokary okuw mekdebimiz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bir hatarda ýörite sazçylyk mekdeplerinde okuw gollanma bolup hyzmat eder. Şeýle-de bu okuw kitabynyň döwlet kitaphanalarynda hem bolmagyna garaşylýar.