TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwy tutulýar, gögeriş alnan ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, bag nahallaryny, olaryň ekiljek ýerlerini taýýarlamak işleri dowam edýär. Sebitiň çägindäki medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly we bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim welaýatda Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
«Türkmenistan» gazeti