MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGYLARY NESILLERE NUSGALYK


MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ GOŞGYLARY NESILLERE NUSGALYK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen we dünýä edebiýatynda döredijiliginde uly gymmatly mirasa eýe bolan türkmen halkynyň akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçilýär.

İne ýaňy-ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň muzeýinde Türkmen teleradio we kinemotografiýa döwlet komitetiniň «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli «Medeni miras» atly gepleşik taýýarlanyldy. Gepleşikde konserwatoriýanyň halypa mugallymlary Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow, hemde «Saz-etnografiki» laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri Atageldi Mämmetgulyýew dagylar öz çykyşlaryny etdiler. Türkmen taryhyna ady altyn harplar bilen ýazylan Magtymguly Pyragynyň dürdäne goşgulary, halk nakyllaryna öwrülip giden aýry-aýry setirleri, onuň köptaraply baý mirasynyň türkmen milli aýdym-saz sungatyna eden täsiri barada gürrüň etdiler.

Halypa sazanda Ýolaman Nurymow türkmen halky üçin Magtymguly Pyragynyň milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolan milli düşünjäni çeper görnüşde beýan edip, şahyryň şygyrlary bilen düşündirmekde ussatdygyny, akyldar şahyryň döredijiliginiň türkmen bagşyçylyk sungaty üçin egsilmez çeşmedigi, onuň şygyrlarynyň bu sungatyň kämil derejä ýetmegindäki orny barada gürrüň berse, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagşyçylyk sungatyny ösdürmekde alyp barýan tutumly işleri, şeýlede şahyryň döredijiliginiň we şygyrlarynyň Daşoguz sebitlerindäki dessançy-bagşylarynyň ýerine ýetirijilik taýdan aýratynlygy, «Saz-etnografiki» laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri Atageldi Mämmetgulyýew bolsa Magtymguly Pyragynyň goşgylarynyň özünden soňky nesiller üçin elmydama nusgalykdygy, her bir nesiliň onuň döredijiligine ýüzlenip birnäçe ajaýyp aýdym-sazlary döredendigi hem-de dowam edilýänligi barada birnäçe maglumatlary gürrüň berdi.

Gepleşigiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» fakultetiniň «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň halypa mugallymlary Türkmenistanyň halk bagşysy Rejepdurdy Begenjowyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarowyň, Meýlis Goçmyradowyň, Jora Çerkezowyň, şeýle hem 3-nji ýyl talyplary Bagtyýar Baýramowyň, Kerim Pirnepesowyň ýerine ýetirmeklerinde Magtymgulynyň sözlerine birnäçe türkmen halk aýdymlary bilen birlikde mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny ýerine ýetirdi.



Döwlet GARAYEW



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri