«KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLI ÝAŞLARY» SAZ FESTIWALYNYŇ ÇÄKLERINDE HALK SAZ GURALLARY KAFEDRASYNYŇ MUGALLYMLARY ÝAGŞYMYRAT TÄJIMYRADOWYŇ WE ÝAKUPMYRAT SYTDYHOWYŇ BILELIKDÄKI KONSERTI


«KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLI ÝAŞLARY» SAZ FESTIWALYNYŇ ÇÄKLERINDE HALK SAZ GURALLARY KAFEDRASYNYŇ MUGALLYMLARY ÝAGŞYMYRAT TÄJIMYRADOWYŇ WE ÝAKUPMYRAT SYTDYHOWYŇ BILELIKDÄKI KONSERTI

Ýakynda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» saz festiwalynyň çäklerinde «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymlary Ýagşymyrat Täjimyradowyň we Ýakupmyrat Sytdyhowyň bilelikdäki konserti geçirildi.

Ilki bilen konsertiň başynda «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýagşymyrat Täjimyradowyň çykyş etmeginde plektrli dutar saz guralynda Ariel Babahanowyň «Hürrem» atly eserini örän ýaňlandy. Ondan soňra Nur Dautowyň «Fatima» we Aleksandr Sygankowyň «Ýewreý heňleri» atly eserlerini tomaşaçylara ussatlyk bilen ýerine ýetirip, diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi, hem-de gyzgyn olaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Soňra şol kafedranyň mugallymy Ýakupmyrat Sydyhowyň çykyş etmeginde Ud saz guralynda Gajy Hanmämmedowyň «№3 Konsert» eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylara uly täsirini ýetirdi uly berekella mynasyp boldy. Täsirli çykyşdan soňra Ýakupmyrat Sytdyhowyň ýolbaşçylygyndaky täze topar, ýagny akkordeon we kirişli saz gurallardan düzülen ansambl çykyş etdi. Bu ansamblda Ýakupmyrat Sytdyhowyň bas dutarda solo hökmünde ýerine ýetirmeginde Karen Haçaturýanyň «Çippolino» baletinden «Giriş»-i we Röwşen Nepesowyň «Türkmen tango» ýaly ajaýyp eseri ýaňlandy. Bu eseriň tehniki usullaryny oňat görkezen mugallym öz ussatlygy bilen uly el çarpyşmalara mynasyp boldy.

Soňra bolsa ol öz okuwçylary bilen Azerbaýjan kompozitory M.Adil Geraýyň «Bahçakürt» eseriniň I-II bölümlerini ýerine ýetirip, ýurdumyzyň Azerbaýjan döwleti bilen dost-doganlyk mekanyna öwrülenliginiň waspyny ýetirdi. Olar konsertiň jemleýji çykyşynda bolsa Gorka Hermosanyň «Anantango» eseri bilen konserti jemläp, konserte gelen tomaşaçylarda uly şowhun döretdi.

Konsertiň dowamynda «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Amannazar Arslanow we III ýyl talyby Eziz Nursahatow dagylar hem birnäçe eserlere sazandarlyk etdiler.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary» saz festiwalynyň çäklerinde Halk saz gurallary kafedrasynyň mugallymlary Ýagşymyrat Täjimyradowyň we Ýakupmyrat Sytdyhowyň bilelikdäki konserti ýokary derejede, guramaçylykly, täsirli geçdi. Konserti fakultetiň III ýyl talyby Azat Öräýew alyp bardy. Konsert tamamlanandan soňra, konserte gatnaşan mugallymlar we talyplar bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.



Osman SAPARGELDIÝEW



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk sazy» fakultetiniň IV ýyl talyby