HALYPANYŇ DÖREDIJILIK MENZILLERI


HALYPANYŇ DÖREDIJILIK MENZILLERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ähli ugurlar bilen deň hatarda medeniýetimiz we sungatymyz hem uly ösüşlere eýe bolýar. Dürli döwürleriň jemgyýetçilik, syýasy, medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalaryň beýany suratkeşlerimiziň halkymyza miras galdyran kämil sungatynyň üsti bilen biziň döwrümize gelip ýetýär. Bu tagallalary esasynda türkmen şekillendiriş sungaty häzirki döwürde has-da uly ösüşleri gazanýar. Türkmen şekillendiriş sungaty biziň beýleki ajaýyp milli sungatlarymyz bilen bir hatarda bütin äleme meşhurdyr. Watanymyzyň öz Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynyň beýikligine göz ýetirmäge, oňa döredijilikli çemeleşmäge mümkinçilik berdi.

Ähli ugurlarda öz ýiti zehinini yzygiderli açyp görkezýän tanymal türkmen ussady Öwezmuhammet Mämmetnurow 1954-nji ýylyň awgust aýynyň 5-ne Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda dünýä inýär. Çeperçilik ugrundan ilkinji bilimini ol 1970–1974-nji ýyllar aralygynda Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde) alýar. Bilimini kämilleşdirmek maksady bilen, Ö.Mämmetnurow 1975–1980-nji ýyllar aralygynda Harkowyň çeperçilik-senagat institutynda okaýar. 1980-nji ýyllardan başlap, Ö.Mämmetnurow respublikan we bütinsoýuz sergilerine özüniň nakgaşlyk, grafika we dizaýn eserleri bilen gatnaşyp, özüni hemmetaraplaýyn suratkeş hökmünde belli boldy. Türkmen sungatynyň kemala gelmegine we ösmegine goşan saldamly goşandy üçin 1985-nji ýylda ýaş suratkeş Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Häzirki zaman nakgaşlygyň dürli serişdelerinden peýdalanyp, nakgaş durmuşy wakalardan, tebigatdan alnan ýordumlary özüniň çeper eserlerinde beýan edýär we tomaşaça ahlak, terbiýe, watansöýüjilik, adamkärçilik düşünjelerini ýetirýär. Bu sazlaşykly alamatlar dünýäniň parahatçylygyna, adamzat jemgyýetiniň adalatly maksatlarynyň hasyl bolmagyna bolan okgunly ýörişdir. Halypa suratkeşiň döreden eserleri öz döwrüniň aýnasy hökmünde halkyň dünýägaraýşyny, ýaşaýyş durmuşyny, ruhy dünýäsini şöhlelendirýär.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyna uly goşant goşan Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň dosenti Öwezmuhammet Mämmetnurow medeniýet we sungat ulgamynda birnäçe önjeýli işleri ýerine ýetirip, bu ugurda güýç-gaýratyny gaýgyrman zähmet çekýän suratkeşleriň biridir. Nakgaşyň ady häzirki zaman sungat äleminde aýratyn tanalýar. Dowamly öwrenýän, özgerýän, ösýän we kämilleşýän Öwezmuhammet Mämmetnurow ähli ugurlar boýunça çuňňur bilimleri özünde jemläp, özüniň döredijilik mümkinçiliklerini barha artdyrýar. Onuň sungat ýoly–suratkeşiň arman-ýadaman zähmet çekýän döredijilik halkasy mysalydyr.

2024-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Dizaýnerler birleşiginiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Öwezmuhammet Mämmetnurowyň 70 ýaşyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde şahsy sergisi açyldy. Bu sergide suratkeşiň döredijilik ýolunyň dowamynda ýerine ýetiren ajaýyp eserleri görkezilen. Halypanyň dürli žanrlarda, ýagny peýzaž, portret, animalistik, natýurmort, taryhy ýaly žanrlarda işlemegi onuň ähli ugurlarda özüni ukyp-başarnygynyň ýokary derejededigini görkezýär. Nakgaş eserleriniň arasynda ýurdumyzyň ahalteke atlarynyň ýyndamlygyny, tebigatymyzyň gözelligini, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi, ýazyjy-şahyrlarymyzyň portretlerini ýagly boýaglaryň üsti bilen ýerine ýetirýär. Suratkeşiň daşary ýurtlardaky syýahatlarynda ýerine ýetiren peýzaž eserleri hem sergide ýerleşdirilen. Suratkeş häzirki günlerde hem sungat ýoluna dowam edip, täze eserleri çekýär.

Suratkeşiň 2006-njy ýylda döreden «Türkmen atlary» atly eseri behişdi bedewleriň keşbiniň täze jähtden açylyp görkezilişi bilen tapawutlanýar. Bu eseriň döremegine suratkeşiň at aýlawyna baranda alan ýiti täsiri itergi beripdir. Animalistik žanra degişli eser realizm akymynda ýerine ýetirilipdir. Bu ýerde halkymyzyň göz-guwanjy hem-de milli gymmatlygy hasaplanýan türkmen bedewleri wasp edilýär. Ahalteke atlary babatda aýdylanda, olar halkyň erkinlige ymtylyşynyň, guş uçar beýikliginiň azatlygyny, meýdan gülleriniň terligini, dag gerişleriniň täsin gudratyny, ynsan kalbynyň näzikligini alamatlandyrýar. Ahalteke atlarynyň tohumy tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan ýyndamlygy, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Şeýle häsiýetlere eýe bolan bedewleriň aýratynlygyny doly derejede açyp görkezmek örän kyn. Emma muňa garamazdan, suratkeş bu meselä ussatlyk bilen çemeleşip, öňde goýan maksadyna ýetmegi başarýar. Onuň döreden atlary näzik gözelligi hem-de ýüwrükligi özünde jemleýän syratly beden gurluşy bilen haýran galdyrýar. Eserde hiç hili artykmaçlyk ýok, taslamanyň ähli bölekleri tomaşaçynyň behişdi bedewleriň deňi-taýy bolmadyk ýyndamlygyny we işjeňligini doly derejede duýmaklygy üçin jebisleşip hyzmat edýärler. Türkmen tebigatynyň ýerliginde ahalteke atlarynyň keşbi juda ýerlikli sazlaşyp, jadylylyk hem-de hyýalylyk täsirlerini döredýär. Nakgaşyň wasp edýän bedewleri milli hem-de dünýä medeniýetiniň janly taryhy hadysasy bolmak bilen, ýurdumyzyň yzly-yzyna gazanýan üstünlikleriniň badalgasy, halkymyzyň hasyl bolan arzuwlarynyň beýany, ösüşlere we özgerişlere ymtylyşyň nyşany bolup durýar.

Suratkeşiň 2001-nji ýylda döreden «Köpetdagyň eteginde bahar» atly taslamasy şowly çykan peýzažlaryň biridir. Öwezmuhammet Mämmetnurow realizm akymynda ýagty ýagly boýaglaryň kömegi bilen Türkmenistanyň täsin bahar paslyny şekillendirýär, ol peýzažy naturadan çekendigi sebäpli taslama juda janly hem hakyky çykypdyr. Watanymyzyň tebigaty tämizligi, päkizeligi, gaýtalanmajak we özüne çekiji ajaýyplyk häsiýeti bilen bellidir. Bu gadymy topragyň ähli pasly diňe özüne mahsus gözellige eýe bolup durýar. Olaryň arasynda-da “pasyllaryň soltany” hasaplanýan ýaz iň ajaýyp möwsümdir. Eger şol nukdaýnazardan seretseň, onda türkmen topragy tebigatyň gudratly peşgeşine eýe bolupdyr, sebäbi Diýarymyzda ýaz pasly dürli öwüşginli reňkleri, sahylygy, jomartlygy bilen haýran galdyrýar. Bahar paslynda daş-töweregiňi gurşap alýan ähli zat inçeden ýerine ýetirilen sungat eserini ýatladýar. Taslamada ähli zat gardan, ýagyşdan soňra hoşboý ysly güller we ösümlikler bilen örtülipdir. Eserde suratkeşiň döreden peýzaž eserinde ýaşyl arçalar, gyzyl gülälekler, jümjümeler we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ençeme beýleki güller ýerleşdirilýär. Eserdäki dag gerişleri äpet belentlikleri we reňk baýlygy bilen geň galdyrýar. Daglaryň üstki giňişligi ýumşajyk mawy we ak öwüşginleriň esasynda gurlan asuda asman bilen gurşalýar. Köpetdagda bahar pasly–eziz Watanyň tämiz howasyndan dem alynýan we hoşboý ysly gülleriň şähdiňi açýan iň ajaýyp möwsümleriniň biridir.

Watanyna we milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz söýgi Türkmenistanyň halk suratkeşi Öwezmuhammet Mämmetnurowy geljekde hem täze ajaýyp sungat eserlerini döretmäge ylham döreder, bu bolsa ajaýyp reňkleriň täsin dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berer.



Sonagül MEREDOWA



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby