USSAT KOMPOZITOR REJEP REJEBOWY ÝATLAP.....


USSAT KOMPOZITOR REJEP REJEBOWY ÝATLAP.....

Türkmen halkynyň aýdym-sazynyň taryhy kökleri öz gözbaşyny gadymy asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, bagşylar, kompozitorlar ägirt uly işler netijesinde bizi dünýä meşgurlyga getirýär.

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet we Ýaşlar baýraklarynyň eýesi meşhur türkmen kompozitory Rejep Rejebowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi. Dabarada ilkinji ýerine ýetirilen eser kompozitoryň G.Hojanyýazowyň goşgusyna döreden, türkmen diýaryny wasp edilýän «Berkararlyk aýdymy» ýaňlandy. Bu eser Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, Maýa Orazberdiýewa we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hory (hormeýstr-Türkmenistanyň at gazanan işgäri Ýelena Moskwiçýowa we Rano Orunowa), simfoniki orkestri (Orkestryň çeper ýolbaşçysy–Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatow, dirižýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow) tarapyndan şowly ýerine ýetirildi.

Rejep Rejepowyň eserleri biziň ýurdumyzda däl, dünýä ýurtlarynda-da uly meşgurlyga eýe bolýar. Kompozitor döredijiligi beýik klassiklaryň, halk sazlaryň däplerini häzirki zaman žanrlara goşup oňa täzeçe bir gözellik, nepislik, özboluşly üýtgeşiklik goşýar. Konsertda halypanyň meşgurlyga getiren eserleri ýerine ýetirlip, olaryň arasynda-«Ýalňyz ýoda», «Röwşeniň aýdymy», «Söýgi aýdymy», «Türkmen tansy», «Alma gelin», «Bagtyýar eýle», «Galkynyş», «Gelin» kinofiliminden «Hüwdi», «Saňa», «Deňeýän», «Daglar», «Men seni söýýärin», «Kwintet Poema» hem-de edermen watan söýji gahryman «Görogly» operasyndan parçalary «Gyratym», «Göroglynyň nalasy», «Turyň begler» aýdymlary-sazlary ýaňlandy. Dabarada ussat mugallymlary, sazandalary we aýdymçylary- Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýew, Gözel Öwezowa, Suhan Orazberdiýew we Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitkulyýewa hem-de Begenç Gaýypow, Kadyr Esenow, Täzegül Baýramowa, Kowus Bäşimow, Aşgabat Kamerata topary (ýolbaşçysy Bahram Dolyýew) ussatlarça ýerine ýetirdiler.

Konsertiň ýapylyş dabarasynda bolsa ata Watanymyza medeniýet we sungatymyzyň giň ýol açýan, türkmen halky üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edip «Türkmenistan» aýdymy bilen şowhunly dabaraly gyzgyn el çarpyşmalar bilen jemlenildi.



Gülkamar DÖWLETOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby