Hum küýzeler


Hum küýzeler



Aşgabat şäheriniň Taslama köçesiniň gündogar tarapynda 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda ýer gurluşyk işleri alnyp barylýarka üç metre barabar çuňlukdan gadymy döwre degişli küýzegärçilik önümleriniň ýüze çykandygy barada gurluşyk edaralardan habar gelip gowuşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen 2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda tassyklanan «Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibine» laýyklykda bu meýdançada gurluşyk işleri wagtlaýynça togtadyldy we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan arheologik tapyndylaryň ýüze çykan ýeri töwerekleýin barlanyldy. Barlaglaryň netijesinde ýeriň ýüzüniň häzirki derejesinden iki metr aşakda hatara duran üç sany keramiki humlaryň bardygy anyklanyldy we olar arheologik usulynda ýerden alyndy.
Türkmen hünärmenleri tarapyndan geçirilen ilkinji barlaglaryň netijesinde bu tapyndylaryň parfiýa döwrüne (biziň eýýamymyzdan öňki III – biziň eýýamymyzyň III asyrlary) degişlidigi anyklanyldy. Bu küýzeler eýlenen toýun palçykdan ýasalyp ýörite kürelerde bişirilipdir. Ýüze çykarylan humlaryň beýikligi 1 metre, göwrüminiň diametri 55-60 santimetre barabar bolupdyr. Olaryň daşky keşbinde parfiýa döwrüniň humlaryna mahsus bolan ähli alamatlar bar: düýbi çalarak güberçek, göwresi inçe tarapy aşak gönükdirilen süýnmegräk ýumurtga şekilinde ýasalan, olaryň agzy giň, erneginiň gyrasy daş tarapyna biraz galňadylan.
Bu hum küýzeler azyk önümlerini saklama niýetlenilipdir (bugdaý, arpa, şaly, ösümlik ýagy we şuňa meňzeşler). Şunuň ýaly keramiki gaplar azyk saklanylýan otaglarda ýerde toprak bilen egnine çenli gömülipdir. Olaryň içi azyk önümleri bilen doldurylyp ýörite keramik tegelek gapaklar bilen ýapylypdyr. Gadymy döwürlerde bu usulyň ulanylmagy azyk önümlerini uzak wagtlap gowy saklanylmagyna ýardam beripdir.