EPENDI HAKYNDAKY KYSSALAR–TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI BAÝLYGYDYR
Türkmen halkynyň milli medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň düzüminde Ependi hakyndaky kyssalar uly orny eýeleýär. Adamzadyň müňlerçe ýyllyk taryhynda ykbaly gülki, henek şorta sözler bilen bagly legendar şahslaryň ýüzlerçesi ýaşap geçipdir. Şolaryň biri hem Ependidir. Hakykaty çeper keşplerde şöhlelendirmekde, argynlygyny aýyrmakda şorta sözleriň ähmiýeti uludyr. Biz her gün sözleýşiň ýazuw we gepleşik medeniýetinde, söhbetlerde, tejribelerde, gatnaşyklarda, toý dabaralarynda, şüweleňlerde bitewi gurluşly, dürli sýužetli we täsin kompozision çözgütli, gysga sözli, göwrümi kiçi, gutarnykly çuň manyly, ýiti akyl kesgirlikli, manysy degişme ýordumly, kalbyňa ylham beriji Ependiniň ýomaklardan, dürli şerebeli kyssalardan, özüneçekiji, gyzykly dramatik sahnalaryndan peýdalanýarys.
Milli ýumor, ironiýa, sarkizm, komiki we satiriki žanrlaryň tanymal gahrymanlarynyň, şorta sözleriň meşhur halypalarynyň atlary agzalanda halkymyzyň arasynda gülküli ýatlamalary boýunça jemgyýetçilik sahnasynda öçmejek senet hökmünde jadyly söz syrlarynyň ýadygärliklerini galdyranlar Myraly we Soltansöýün, Aldarköse, Kemine, Esen Polat, Japbaklar, Ýartygulak, Ata Köpek Mergen, Bahlul dana, Aýazhan, Görogly, Keýmir kör, Körmolla, Agahan Durdyýew, Ata Salyh, Durdy Gylyç, Nyýazweli kary, Garry ata, Nurberdi Pomma, Pyhy Tagan, Täçmämmet Jürdekow, Atajan Annaberdiýew, Aşyrberdi Kürt, Nurgeldi Dädebaýew, Aşyrberdi Kürt, Allanazar Begnazarow, Ependi... kimin söz ussatlaryň keşpleri, atlary, olaryň döreden eserleri ilkinjileriň hatarynda dile alynýar. Gülki sungatyň ylymda stilistikasy boýunça 10 ugra şekillendiriş, kino, telewideniýe, sirk, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty, aýdym-saz, edebi-folklor eserleri, teatr, durmuşy ýaly toparlara bölünýär.
Çeper halk döredijiliginde degişme sungatynyň edebi atasy Hoja Nasreddin Ependi hasap edilýär. Komiki senediň çeperçilik taryhynda Hoja Nasreddin Ependiniň ady we şöhraty, gadymylygy we meşhurlygy, mertebesi we ykbaly, henekleriniň köplügi boýunça ilkinji basgançagy eýeleýär. Gündogar edebiýatynda Hoja Nasreddin Ependi bilen baglanyşykly ýomaklar, degişmeler 20-ä golaý yklym sebitleriň halk döredijiliginiň žanrlarynda duş gelýär. Taryhy çeşmelerde gülki sungatynyň ussady Ependiniň rowaýata öwrülen edebi mirasynyň kämilleşen başlangyçlarynyň rowaçlanan tapgyrlary seljuk türkmenleriniň döwürleri bilen ýaşytdaş hasap edilýär.
1996-njy ýyl ÝUNESKO-nyň karary bilen bütin dünýäde Nasreddin Hoja Ependiniň ýyly hökmünde bellenilip geçildi. 2022-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça Hökümetara komitetiniň Marokko Patyşalygynyň paýtagtynda geçirilen 17-nji mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hödürlenilen Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly ýurtlaryň awtordaş bolmagynda dilden-dile, asyrlardan asyrlara geçip gelýän «Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözlerini aýtmak däbi» atly taryhy resminama Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy.
Gadymy arhaik elementleri we milli koloridi halkymyzyň medeni dünýäsi bilen bagry badaşan Hoja Nasreddin Ependi bilen bagly medeni mirasyň eserleriniň tapgyrlaýyn çap we terjime edilip ýaýradylmagynda Ýakup Nasyrly, Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Ruhy Alyýew, Garaja Burunow, Bazar Amanow, Aman Kekilow, Kerim Gurbannepesow, Şamuhammet Halmuhammedow, Aşyrpur Meredow, Nazar Şükürow, Käbe Borjakow, Nobatguly Rejebow, Şamuhammet Gandymow, Mämmetnazar Annamuhammedow, Myrat Tuwakow, Şirijemal Geldiýewa, Orazgylyç Çaryýew, Oraz Akmämmedow.... ýaly alymlar, döredijilik wekilleri, dessançy bagşylar uly hyzmatlary bitirdiler. Ýaňy-ýakynda gündogar halklarynda Hoja Nasreddin Ependiniň doglan gününiň sekiz ýüz ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçilmegi köpleriň şatlygyny artdyrdy.
2024-nji ýylyň maý aýynda ýaýlyma Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Ependi» atly çeper filminiň döredilmegi halkymyzy has-da guwandyrdy. Alp Arslan adyndaky drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň pýesasy boýunça «Ependi, kim sen?» oýnunyň sahnalaşdyrylyp tomaşaçylara görkezilmegi aýratyn buýsandyryjydyr.