TÜRKMENISTANDA «GORKUT ATA» HALKARA KINOFESTIWALY BADALGA ALDY


TÜRKMENISTANDA «GORKUT ATA» HALKARA KINOFESTIWALY BADALGA ALDY

13-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär.

Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana «Gorkut ata» kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan «Durna» heýkeljigi gowşurylypdy.

Ýurdumyzda kinematografiýa işini ösdürmäge, kinoforumlaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlardaky ugurdaş halkara çärelere yzygiderli gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan Arkadag şäherinde geçen ýyl «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal üstünlikli geçirilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etdi.

«Türkmenistan» gazeti