HALYÇYLYK SUNGATY


HALYÇYLYK SUNGATY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy» ýylynda beýik ösüşlere beslenýän Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga we täzeçe mazmunda baýlaşdyrmaga gönükdirilen ençeme işler durmuşa geçirilýär. Türkmeniň her bir milli mirasy özüniň çuň manylylygy, köptaraplylygy, durmuş hadysalaryny açyk beýan edip bilýänligi bilen buýsandyrýar. Elbetde, şol gymmatlyklaryň naýbaşylarynyň biri hem nepis halylarymyzdyr.

Ajaýyplygy, nepisligi bilen göreni özüne bendi edýän bu inçe sungatyň taryhy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar. Taryhy döwürlerden bäri haly önümleri halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup hyzmat edipdir. Çuwallar, torbalar, horjunlar geýim-gejim salmak, ýük daşamak üçin ulanylypdyr. Halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýler haly önümleri bilen bezelipdir. Düýplihaly, ojakbaşy, çuwal, torba, gapylyk, eňsi ýaly haly önümleri türkmeniň mukaddes ojagynyň-ak öýüniň gelşigidir.

Türkmen halysyny dünýä tanadan görkezijileriň biri hem, haly önümçiliginde ulanylýan tebigy boýaglardyr. Häzirki wagtda türkmen sährasynyň öri meýdanlaryndaky dürli görnüşli ösümliklerden ajaýyp reňkleri almakda türkmen halyçylary uly tejribä eýedirler. Çöpboýadan dürli öwüşginli gyzyl reňk alynýar. Sary reňk sary çöp diýen otdan, mele reňk–nar gabygyndan taýýarlanylýar. Ýaşyl reňk bolsa, çekize we üzüm sirkesi bilen garylan mis gyryndysyndan ýasalýar. Ýüň ýüplüklerini reňklemek üçin düýp soganyň gabygy, üzüm şahasynyň baldagy, ýowşan, zirk, ýüzärlik, guradylan nar gabygy, ýaňy bişip barýan hozuň gabygy peýdalanylýar. Dürli minerallar hem-de dub, çynar, tal ýaly agaçlar-da reňk beriji agaçlar hasaplanylýar. Irki döwürlerde gök (nil boýag) we goýy gyrmyzy (köşenil-möjejiklerden alynýan boýag) Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen daşary ýurtlardan getirilýänligi sebäpli az mukdarda ulanylypdyr. Ak, mele, gara we çal ýüplükler boýalman egrilip, tebigy öwüşginde bolupdyr. Bu sanalan tebigy boýaglar türkmen halylaryny reňkleriň köp öwüşginliligi bilen nepis dokap, kämillige ýetirmek we nagyş hökmünde wagtyň synagyndan geçirmek üçin ýeterlik bolupdyr. Mämişi we ýaşyl reňkleri almak üçin birnäçe reňkleri garypdyrlar. Reňkleriň görnüşlerini baýlaşdyrmak maksady bilen, halyçylarymyz öz işlerinde ösümliklerden alynýan adaty tebigy boýaglar bilen bir hatarda emeli boýaglary hem ulanýarlar.

Dünýäde şan-şöhrata eýe bolan türkmen halysy azyndan 3-4 nesle hyzmat edýär. Dokmaçy zenan öz dokan halysynyň ýyrtylanyny görmändir. Şonuň üçin hem halk arasynda «Haly bägülden näzikdir, daşdan berkdir» diýilýär.

Biziň zähmet çekýän «Watan mukaddesligi» muzeýimizde hem ene-mamalarymyzyň çeper ellerinden çykan düşeklik halylary we haly önümleri ýagny horjunlaryň birnäçe görnüşleri sergide görkezilýär we saklanýar.

Horjun–Türkmen ýigitleri ýagny ata-babalarymyz hemişe at üstünde bolupdyr, şol sebäpli hem olaryň ýarag-esbaplary hemişe şaý bolupdyr. Horjun hem atly uzak ýola gidilende zerur zatlaryňy salmaga niýetlenen haly önümidir. Horjunlar haly, kakma çitme ýaly görnüşlerde dokalypdyr. Horjun iki gözli bolup onuň daş ýüzi çitme palas-kilim görnüşinde kakma usulda ýerine ýetirilipdir. Horjunlaryň agzy halka gözenekler bilen bezelipdir. Şol halkalar geçiniň ýüňünden edilipdir. Horjunlar hem beýleki haly önümleri ýaly dürli nagyşlar bilen bezelipdir.

Häzirki wagtda horjunlar hojalykda seýrek ulanylýar. Gadymy döwürlerde olar belli maksatlar üçin niýetlenilip dokalypdyr. Şonuň üçin irki döwürlerde dokalan horjunlar bilen häzirki döwürdäkileriň ölçeglerinde tapawudyň bolmagy mümkin. Öňler zenanlar olary matalardan hem tikipdirler. Gadymy döwürlerde at, düýe horjunlary hem bolupdyr.

Uly horjunlar, esasan azyk önümlerini salmak üçin niýetlenilipdir. Awa gidenlerinde aw etini salmak üçin hem ýörite horjunlar bolupdyr. Aralyk horjunlara kitap, kagyz, galam ýaly esbaplar salynypdyr. Kiçi horjunlar çagalara niýetlenilipdir.

Milli mirasymyzy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, türkmen gelin-gyzlarynyň el-hünärini dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik işleri elmyda rowaçlyklara beslensin!



Jeren ALTYÝEWA



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Watan mukaddesligi» muzeýiniň işini guramak bölüminiň uly ylmy işgäri