ÄNEW ŞÄHERINIŇ «TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ MEDENI PAÝTAGTY» DIÝLIP YGLAN EDILMEGI MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRELERI JEMLEMEK DABARASY
16-njy noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
«Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, dünýä jemgyýetçiligini olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda hem dürli görnüşdäki baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de ol türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýetara hyzmatdaşlygyna esaslanýar. Ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň eýýäm ikinji gezek «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi olaryň gadymy taryhyna we baý milli medeniýetine ylmy-döredijilik intelligensiýanyň ünsüni çekmäge, özgertmeler ýolunda häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. 2015-nji ýylda bu hormatly ada Mary şäheri eýe boldy. Bu şäheriň şeýle derejä mynasyp bolmagynyň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň hyzmatdaşlygyny, doganlyk halklaryň dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam beren çäreler üstünlikli geçirildi.
«Türkmenistan» gazeti