Sungatyň çatrygynda...
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda» ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinlerini kämilleşdirmekde, höweslerini has-da artdyrmak üçin biziň ýurdumyzda birnäçe ajaýyp konsertler, festiwallar we bäsleşikler yzygider geçirilýär. Ýakynda kompozitor we žurnalist Aýna Şirowanyň we Bäşim Nuralynyň adyny göterýän çeperçilik mekdebiniň direktory Öwezgeldi Ýagmyrowyň bilelikde gurnamagyndaky «Sungatyň çatrygynda» ady bilen sergi-konsert geçirildi. Bu sergi-konsertde şekillendiriş sungaty bilen aýdym sungatynyň biri-biri bilen özara baglanyşyklydygyny we bilelikde gülläp ösýändigi barada aýdylyp geçildi. Konsertiň temasy «Deňiz» diýlip atlandyrylyp, bu konsertde çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda şol tema bilen baglanyşykly surat bäsleşigi hem yglan edildi we bäsleşigiň bir aýyň dowamynda jemi jemlenip ýeňijileri sylaglanjakdygy barada aýdyldy. Ýaşajyk suratkeşler bu konserde özleriniň kagyzdyr galamlary bilen geldiler we konserdiň dowamynda özleriniň eştjek sazlarynda göz öňüne getirýän şekillerini, eskizlerini çyzmalydygy aýdyldy. Olara bäsleşikde öz çeken eskizleriniň üstünde işläp tabşyrmaga rugsat berildi. Bäsleşige gatnaşan ýaş zehinler içki duýgularyny kagyzda beýan etmekde guaş, akwarel, galam, syýa we kömür ýaly adaty ýerine ýetiriliş tehnikalaryndan peýdalandylar. Konserde Bäşim Nuralynyň adyny göterýän çeperçilik mekdebiniň okuwçylary, mugallymlary we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep internatynyň okuwçylary we myhmanlar gatnaşdy.
Konserde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep internatynyň mugallymy Ahmat Abaýewiň okuwçylary öz saz sowgatlary bilen geldiler. Dabaraly konserdimiz L.wan Bethoweniň «Trio» eseri bilen açyldy. Ahmat Abaýew (iňlis rožogy) we onuň okuwçylary Aksoltan Hemraýewa we Eziz Garýagdyýew (goboý) bu eseri üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu ýaňlanan eseriň sazynda deňiz harasaty bilen deňeşdirip bolýan Bethoweniň keşbi göz öňüne gelýär.
Kompozitor we žurnalist Aýna Şirowanyň hem özüniň ajaýyp döredijiliginden käbir eserleri bu konsertde ýaňlanmak bilen bäsleşige gatnaşýan ýaş okuwçylaryň zehinlerini açyp görkezmekde uly itergi berdi. Kompozitoryň goboý we fortepiano üçin «Deňiz şekilleri» atly toplumy diňleýjilere Ahmat Abaýewiň (goboý) we Nina Ryžowanyň (fortepiano) ýerine ýetirmeginde hödürlendi. Aýna Şirowanyň bu eseri alty sany «Tolkunlaryň sesi», «Gumdaky yzlar», «Ýyly ýeljagaz», «Duzly damja», «Deňiz», «Ýalňyz gämi» ýaly ajaýyp pýesalary öz içine alýar. Bu toplumyň ýeňil, özüne çekiji, mylaýym sazy ýaş zehinleriň duýgularyny oýaryp göwünlerini açdy we döredijilik işine ýardam berdi. Aýna Şirowa çagalar üçin başga-da birnäçe eserleriň awtorydyr. Olardan instrumental teatrynyň elementleri bilen çagalar albomyny, Hemra Şirowyň sözlerine çagalar üçin aýdymlaryň toplumyny we başga-da birnäçe instrumental eserleri bellemek bolar.

Nury Halmämmedowyň «Gyzyl flamingolaryň tansy» eserini Tahir Hemraýew (fortepiano partiýasy) we Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň 8-nji synp okuwçysy Eziz Garýagdyýew (goboý) şowly ýerine ýetirdiler. Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň 12-nji synp okuwçysy Aksoltan Hemraýewanyň (goboý) we Tahir Hemraýewiň (fortepiano) N.Rimskiý-Korsakowyň «Arynyň uçuşy» eserini ýerine ýetirmegi «Patyşa Saltan baradaky ertekisiniň» keşplerini diňleýjileriň göz öňünde janlandyrýar.
Dabaraly sergi-konserti başarnykly ýaşajyk kompozitor Tylla Şirowanyň goboý we fortepiano üçin ýazan «Hasardagy» atly pýesasy bilen dowam etdi. Ahmat Abaýewiň ýerine ýetirmeginde we awtoryň sazandarlyk etmeginde bu eser tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy. Zehinli kompozitor Tylla Şirowanyň bu eseri Halkara bäsleşiginde baýrakly orna mynasyp boldy. Bu eserde ýaş kompozitor Balkan welaýatynda ýerleşýän Hasardagynyň waspyny birkemsiz beýan edýär. Ýörite sazçylyk mekdep internatynyň okuwçylary Nazar Sultanowyň Ý.Tiliçeýewanyň «Myhmançylyga» we Arslan Hümmiýewiň «Sawka we Grişka» eserlerinde olar deňize syýahatyny we iki dostuň kenarda dynç alyşyny hyýaly ýagdaýda amala aşyrdylar.
Geçirilen konsert diňleýjileriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Sergi-konsertden soň okuwçylaryň çeken suratlarynyň we ýasan şaý-sepleriniň sergisi geçirildi. Sergidäki edilen işler saz we sungat bilen ýakyndan baglanyşýar. Okuwçylar öz taýýarlan eskizlerini konserdiň gurnaýjylaryna görkezip aralarynda sorag-jogap alyşdylar we ýaşajyk zehinli sazandalara uly minnetdarlygyny bildirdiler.