BAÝRAM HUDAÝKULYÝEWIŇ 85 ÝYLLYK ÝUBILEÝI BELLENILDI


BAÝRAM HUDAÝKULYÝEWIŇ 85 ÝYLLYK ÝUBILEÝI BELLENILDI

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti, ussat kompozitor, dirižýor Baýramdurdy Hudaýkulyýewiň 85 ýyllyk ýubileý konserti uly şatlyk-şowhun bilen dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Konsertiň dowamynda konserwatoriýanyň rektory Resul Amangeldiýew we Medeniýet institutynyň rektory Aman Aýdogdyýew hem-de Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatrynyň başlygy Nurberdi Hojaýew dagylar ussat kompozitor bilen bagly ýatlamalary gürrüň berdiler. Baýramdurdy Hudaýkulyýewiň halkymyza sowgat beren ajaýyp eserleri türkmen halkynyň kalbyna müdimilik ornaşyp onuň ruhunda ebedilik ýaşaýar.

Konsertiň dowamynda ajaýyp kompozitormyzyň iň naýbaşy eserleri ussat ýerine ýetirijilerimiz tarapyndan ýokary derejede ýerine ýetirildi. Konsertiň başynda kompozitoryň «Parla ýaşyl baýdagym» aýdymy Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň we konserwatoriýanyň kamera orkestri, hor topary tarapyndan ýerine ýetirildi, dirižýory «Dirižýorlyk» kafedrasynyň uly mugallymy Nury Muhyýew. Soňra Magtymguly Pyragynyň sözlerine «Türkmeniň» aýdymy hor topary tarapyndan a’kapella görnüşinde ýerine ýetirildi.

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýew «Watan hakynda aýdym» eseri ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitkulyýewanyň hem-de Begenç Moşşyýewiň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Gelinjigim janjagazym» aýdymy aýdyldy. Mundan başga-da konsertde Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde «Kebelek», «Taýçanak», «Pyşbaganyň arzuwy» aýdymlary Gülälek Baýrammyradowanyň dirižýorlyk etmeginde we Şaislam Kamiljanowyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirildi. Wiolonçel saz guralynda Halkara bäsleşiginiň laureaty Aýlar Annamyradowanyň we kamera orkestriniň bilelikdäki «Dogan elwan şapagym» eseri ýaňlandy.

Konserwatoriýanyň hor topary, kamera orkestri bilen bilelikde uly mugallym Begenç Gaýypow «Parla baýdagym» we «Bitarap döwletim» aýdymlaryny aýtdy. Bular kompozitoryň iň ajaýyp eserleri bolup, konsertiň soňunda dabaraly ýagdaýda ýerine ýetirildi. Eserleriň hemmesi diňleýjiler tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldy. Saz ussadymyz bolan kompozitor Baýramdyrdy Hudaýkulyýewiň ýagty ruhuna bagyşlanyp geçirilen konsert örän gowy, ýokary derejede tamamlandy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sungat äleminiň ussatlarynyň sarpasyny belentde tutýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!



Jennet ÝAGŞYMYRADOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň I ýyl talyby