TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ AKSAKGALLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ AKSAKGALLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

Milli Liderimiz çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, doganlyk ýurduň Baştutanyna öz adyndan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan üçin Türkiýe Respublikasynyň iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini, häzirki wagtda türkmen-türk gatnaşyklarynyň täze many-mazmuna eýe bolup, ýokary derejede alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär.

«Türkmenistan» gazeti