Hum küýzeleriň rejelenmegi
Ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärliklerimizde rejeleýiş-konserfasiýa we arheologik işleri bilen bilelikde gymmatly taryhy tapyndylarymyzy halas etmekde, olary muzeýleşdirmekde hem birnäçe işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň başlangyjy bilen 2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda kabul edilen «Türkmenistanyň çäginde ýergurluşyk, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny ylalaşmagyň Tertibine» laýyklykda Türkmenisyanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we onuň garamagyndaky taryhy-medeni döwlet goraghanalaryň alymlary we hünärmenleri soralýan ýer böleklerinde seljeriş işleri yzygiderli alnyp baryldy. Diňe 2020-nji ýylyň dowamynda şu günki güne çenli degişli netijenamalary bermek boýunça, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde 2000-den gowrak ýer böleklerinde seljeriş işleri geçirildi.
Bu Tertipnamada ýene bir wajyp meseläni jemleýän bölüm bar. Onda, eger-de ýergurluşyk işleriň dowamynda taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da beýleki medeni gymmatlyklarynyň alamatlary bolan desgalar ýüze çykan halatynda işleri saklap, ol barada Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligine ýa-da ýerlerdäki goraghanalara habar berilmelidigi görkezilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu möhüm çözgidi ýer astynda ýatan, bize heniz näbelli desgalaryň ýa-da medeni gatlaklaryň hem halas edilmegine gönükdirilendir.
Şol Tertipnama laýyklykda ýüze çykarylan hum küýzeler Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde rejeleýiş işleri ýerine ýetirildi we halas edildi. Bu rejeleýiş işlerine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary hem işjeň gatnaşdylar.
Sentýabr aýynyň 19-na «Türkmenistanyň – Bitaraplygyň mekany» ýylynda milli mirasymyza sarpa goýmak we medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet muzeýine tabşyrmak dabarasy hem-de «Bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyzy muzeýleşdirmegiň tejribesi» atly maslahat geçirildi.
Geçirilen dabarada rejelenen hum küýzeler görkezildi. Bu dabara, maslahata hünärmenler, bu ugurda zähmet çekýän arheologlar hem-de welaýatlardaky taryhy-medeni döwlet goraghanalarynyň, muzeý işgärleri sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.