TÜRKMEN ASYRLARA ÝÖRELGELIK MIRASYŇ EÝESI
Berkarar döwletli bagtyýar döwürli eziz Diýarymyzda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan taryhynyň dowamynda döreden milli mirasyny, taryhy-medeni baýlygyny gorap saklamak, öwrenmek, wagyz etmek babatda asyrlara barabar işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz ençeme döwürleriň içinde kämillik derejesine ýetip, türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen mirasymyzy öwrenmeklige giň ýollar açyp berdi.
Dünýä ýüzünde çeper döredijiligi bilen tanalýan halkymyz müňýyllyklara dowamat boljak medeni-taryhy ähmiýetli gymmatlyklaryň ençemesini döredipdir we nusgawy derejelere ýetiripdir. Häzirki nesillerimize milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy öwrenmäge uly goldaw berýän gymmatlyklarymyzyň hemmesi hem terbiýeçilik ähmiýetli.
Türkmenistan Watanymyz dünýäde deňi-taýy bolmadyk amaly-haşam, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň, senetçiligiň, ussaçylygyň gadymy mekanydyr. Medeni taýdan gülläp ösüşleri başdan geçiren bu gadymy toprakda milli gymmatlyklaryň gaýtalanmajak nusgalary döredilipdir.
Bu günki gün türkmeniň milli medeni mirasynyň naýbaşy nusgalary dünýä derejesinde dabaralanýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamak, halkymyzyň medeni däplerini, dessurlaryny we adatlaryny ylmy esasda çuňňur öwrenmek we ösdürmek aýawly ýagdaýda geljekki nesillere ýetirmek, olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmak babatda maksatly işler ýola goýuldy.
27-nji noýabrda jemi jemlenen we «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkymyzyň maddy däl medeni mirasyny öwrenmek, medeni hem-de taryhy ähmiýetli milli gymmatlyklarymyzyň ajaýyp nusgalaryny ýüze çykarmak, halk arasynda giňden wagyz etmek we dünýä ýaýmak, ýaş nesillerimiziň milli mirasymyza bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrmak maksady bilen geçirilen «Asyrlara ýörelge–nesillere görelde» atly bäsleşigiň jemini jemlemek dabarasy hem muňa aýdyň mysaldyr. «Asyrlara ýörelge–nesillere görelde» atly bäsleşigiň jemini jemlemek dabarasy Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirildi. Bu ýerde «Magtymguly Pyragynyň çeper keşbi» atly akyldar şahyryň çeper keşbine bagyşlanan şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eserlerini öz içine alýan sergi hem guraldy.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen bu bäsleşige ýurdumyzyň dürli künjeklerinden mirasy öwrenijileriň ençemesi gatnaşdylar. Bäsleşige türkmen keçe senetçiligi, halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik sungaty, dürli görnüşli alajalary işmegiň we örmegiň usullary, milli lybaslary tikmek, bezemek, jorap örmek, gurama önümlerini taýýarlamak, saçak dokamak ýaly halkymyzyň bu ugurlardaky toplan taryhy tejribesini açyp görkezýän maglumatlaryň ençemesi gelip gowuşdy. Bäsleşikde ýeňiji bolanlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Bäsleşige gatnaşyjylar dünýä medeniýetiniň naýbaşy gymmatlyklaryny döreden halkymyzyň baý mirasyny öwrenmekde we olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýä ýaýmakda döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.