Kitabyň gymmaty


Kitabyň gymmaty



Kitap ynsan üçin kyn gününde goltgy-hemaýat bolýar, gam-gussasyny dep edip, şatlyga öwürýär. Kitap okamagy endik edinip, durmuş ýörelgesinde peýdalanýan adam akylly-başlylygy bilen tapawutlanýar. Olaryň ýüzleri ýagtydyr, çünki kitap adamlara nur, güýç-kuwwat hem ynam berýär.
Tanymal şahsyýetleriň kitap hakda aýdan sözleri sanardan köp. Meşhur alym Mahmyt Zamahşary: «Kitap gymmatlykdyr, hat onuň nerkes gülleridir» diýen bolsa, Alyşir Nowaýy: «Jahanda kitap deýin eziz zat bolmaz» diýip belläpdir. Gündogaryň beýik alymy Abdyrahman Jamy: «Kitap dostdur, asla gama batyrmaz, pähimiňi goýaldar, pikirler şasy» diýip nygtapdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Bilmeýän zadyňy kitapdan sora», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap — geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitaby magşuk saý, özüňi — aşyk» diýen gymmatly jümleler getirilýär. Munuň özi halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri kitaba goýýan uly hormat-sarpasynyň aýdyň beýanydyr. Bu hakykat mähriban Arkadagymyzyň bize peşgeş beren Atalyk kitaplarynda hem şöhlelenýär.
Kitap ynsanyň gaýta-gaýta okap, sahypalaryndan her gezek täze-täze manylary alyp biljek iň gowy dostudyr.

Selbinýaz GELDIÝEWA