TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI
4-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ileri tutulýan wezipelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylyk da, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
«Türkmenistan» gazeti