TÜRKMENISTANDA OMAN SOLTANLYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY


TÜRKMENISTANDA OMAN SOLTANLYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwariden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogap kärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, diplomat Oman Soltanlygynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň, abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda diplomata Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köp taraply işleri barada giňişleýin gürrüň berildi.

«Türkmenistan» gazeti