ÖSÜP GELÝÄN NESILLERIMIZ BARADAKY ALADA BEÝIK WE ÝAGTY GELJEGIMIZ BARADAKY ALADADYR
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi
7-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa müdiri ýetiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.
Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň Garaşsyz döwletimiziň hem-de mähriban halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslenendigini belläp, bu üstünlikleriň, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalaryň halkymyzy belent maksatlara ruhlandyrýandygyny, Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy hasda artdyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiz taryhy wakalara beslenen «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň birnäçe mejlisleriniň üstünlikli geçirilendigini hemde gazna tarapyndan birnäçe dostlukly döwletlere ynsanperwerlik kömekleriniň iberilendigini aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlise gatnaşyjylary «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň üstünlikli jemlenmegi, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ýetip gelýän 29 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady hemde indiki ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň halkara derejede giňden bellenilip geçiljekdigine ünsi çekdi hem-de parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetlilik däplerimizi dabaralandyrjak 2025-nji ýylyň döwletimize üstünlik, halkymyza bagtyýarlyk, dünýä halklaryna dost-doganlyk, Ýer ýüzüne parahatçylyk getirmegini arzuw etdi.
«Türkmenistan» gazeti