Maddy medeniýet syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde


Maddy medeniýet syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde



Bütindünýä ösüşiniň häzirki şertlerinde dünýä hojalygynyň ilerlemeginde maddy önümçilik bilen bir hatarda maddy däl ugurlary ösdürmeklige barha giň orun berilýär. Syýahatçylyk pudagy hem şeýle ugurlaryň esasylarynyň biri hasap edilýär. Dünýä ösüşiniň giňişligine ynamly ädimler bilen aralaşýan Türkmenistan hem syýahatçylyk pudagynyň ösýän ýurdy hökmünde tanalýar. Türkmenistan bu ugurdaky ýokary halkara at-abraýyny yzygiderli artdyrmakda nusga alarlyk işleri durmuşa geçirýän döwletleriň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, dünýä syýahatçylygynyň ösmegi bilen, onuň taryhy syýahatçylyk, zyýarat syýahatçylygy, şypahana syýahatçylygy, ekologiýa syýahatçylygy we sport syýahatçylygy ýaly aýry-aýry ugurlary kemala gelýär. Bu ugurlar syýahaty guramagyň esasy maksadyna baglylykda öz aralarynda tapawutlanýan hem bolsa, olaryň her biriniň meýilnamasyna hökmany suratda syýahata baryljak ýurduň milli medeniýeti bilen tanyşdyryş çäreleri girizilýär. Şeýlelik bilen, oýlanyşykly we ýokary guramaçylykly ýola goýlanda islendik döwletiň milli ykdysadyýetiniň iň bir girdejili pudagyna öwrülýän syýahatçylyk, milli medeniýetiň ösüş taryhyny, geçmişini, şu gününi we geljegini nazarlaýan ösüş sepgitlerini dünýä ýaýmagyň işjeň serişdesine öwrülýär. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan türkmen halkynyň milli medeni mirasyny, baý maddy we ruhy medeniýetini gorap saklamak, gaýtadan dikeltmek, şu günki ösüşleriň mazmuny bilen baýlaşdyrmak we tutuş dünýäde giňden ýaýmak boýunça öňe süren döwlet syýasatynyň asylly maksatlaryna doly kybap gelýär hem-de geljekde milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde täze ugurlary gözlemekde we işläp taýýarlamakda ýol görkeziji bolup çykyş edýär.
Maddy medeniýet halkyň ruhy ösüşleriniň öçmez-ýitmez sahypalaryny açyp görkezýär. Maddy medeniýete degişli nepis eserler taryhy öwrenmekde gymmatly çeşmedir. Olar taryhy syýahatçylyk bilen gyzyklanýan jahankeşdelerde hemişe uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistan diňe bir taryhy ýadygärlikleriň däl-de, eýsem nepisden-nepis, hakyky sungat derejesinde kämilleşdirilen el senetleriň mekanydyr. Türkmen gelin-gyzlarynyň on barmagynyň hünäri bolan halyçylyk sungaty hem halkymyzyň gadymy we müdimi senetleriniň biridir. Ol taryhyň dürli döwürlerinde, şertlerinde, wakalarynda halkymyzyň ahwalyny süňňüne siňdirip, milletiň kalbynyň beýanyna, baý dünýägaraýşa öwrülendir. Bu nepis sungatyň tutuş dünýäde çyn muşdaklarynyň sanynyň barha ýokarlanýandygyny nazara alsak, türkmen halyçylygynyň taryhy geçmişi we şu güni barada söhbet açýan täsirli çäreleriň Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmek işine saldamly goşant boljakdygyny, uzagyndan syýahatçylygyň hut halyçylygyň ýurdumyzyň dürli şertlerinde döreýiş taryhyny we ösüş (şol sanda dokalyş, çeper bezeg, nagyş, ulanyş we ş.m. häsiýetlerindäki) aýratynlyklaryny öwrenýän ugruny kemala getirmekligiň binýadyny tutup biljekdigini ynamly aýtsa bolar.
Türkmenistanda her ýylyň maý aýynyň ahyrky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramynyň özi hem millilik gözbaşlarymyza goýlan belent sarpanyň nyşany bolmak bilen, dünýä syýahatçylarynyň we jahankeşdeleriniň ünsüni özüne çekip gelýär. Bularyň hemmesi Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge, şol bir wagtyň özünde-de milli medeniýetimiziň şan –şöhratyny dünýä ýaýmaga täze gözýetimleri açýar.