«ÝYLYŇ PARLAK ÝYLDYZY»-2024
16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýaş aýdymçylaryň zehin daragtyny has-da gülletmek barada edýän çäksiz aladasyndan bir ülüşdir.
Şowhunly geçen bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda emin agzalarynyň, tanymal sungat ussatlarynyň öňünde öz ukyp-başarnyklaryny görkezip öňe saýlanmagy başaran, şeýle-de ýaşlaryň, halk köpçüliginiň arasynda meşhur aýdymlary bilen tanalýan zehinli aýdymçy Durdy Durdyýew 2024-nji ýylyň «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna eýe boldy.