GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI–NESILLERE NESIHAT
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy, 31-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri–nesillere nesihat» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýetiniň örän uludygy, bu kitapda asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan taryhymyz, dünýä nusgalyk ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, milli mirasymyz hakyndaky ähli maglumatlaryň jemlenendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda ata Watanymyza ene topragymyza, şöhratly taryhymyza, asylly ýol-ýörelgelerimize hormat goýmagyň we olary sarpalamagyň belent nusgasyny has-da aýdyň beýan edilýändigi barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.