HALK USSALARY-ÇEPER DÖREDIJILIGIŇ USSATLARY
Türkmen halky adamzat taryhynda özüniň gaýtalanmajak medeni we ruhy gymmatlyklary bilen tanalýan iň gadymy halklaryň biridir. Nepislikde naýbaşy orny eýelän elde dokalýan halylarymyz, «läle ýaly» diýdiren keçelerimiz, tebigat gözelliklerine bäs edýän keşdelerimiz, altyn suwy çaýylan şaý-seplerimiz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň mynasyp nusgalarynyň hatarynda haýrana goýýar. Halkymyzyň zähmetsöýerligi, çeper döredijilige bolan ukyby, gözellikleri döretmäge bolan islegi türkmeniň kämil gymmatlyklary döretmekdäki ussatlygyny äleme ýaýdy. Çeper döredijilige ýugrulan zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik sungaty, keçe basmak senetçiligi, çeper döredijiligiň aýratyn bir ugry bolan ussaçylyk ösüp kämil derejelere ýetdi.
Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýan ussalaryň kämil önümleri öndürmegi, ussaçylygyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan ussalary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirmek babatda 2017-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanyň halk çeper döredijilik işini kämilleşdirmek hakyndaky» Karar möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ussalaryň çekýän döredijilikli zähmetiniň döwlet tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, has tapawutlanyp işleýän ussalara her ýyl «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly atlar dakylýar.

Çeper döredijilik bilen döredilýän gymmatlyklar–ynsan kalbynyň mähri, ynsan paýhasynyň kämilligi siňen gymmatlyklardyr. Kämil çeper döredijilik kämil sungaty döredýär. Ussadyň mizemez sungaty tutuş halkyň milli gymmatlygyna öwrülýär. Sungat derejesine göterilen çeper döredijilik işleri adamzat nesli üçin ýörelgelik döredijilik mekdebidir
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýanlaryň gatnaşmagynda geçirilen «Halk ussalary-çeper döredijiligiň ussatlary» atly maslahat hem ýurdumyzyň ussat zergärlerini bir ýere jemledi. Bu maslahat milliligi, nepisligi we özboluşlylygy bilen dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolan zergärçilik sungatyna we bu sungatyň ussatlaryna bagyşlanyldy. Bu maslahata medeniýet-sungat işgärleri, zergärler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda zergärçilik sungatynyň döreýiş taryhy, bezeg şaý-seplerimiz, olary ýasamakdaky milli tejribeleriň döwrebap derejede dowam etdirilişi, zergärçilik önümleriniň durmuşy we medeni ähmiýeti barada gyzykly çykyşlar edildi. Maslahatyň çäginde çeper döredijilik işinde aýratyn tapawutlanýan zergärlere, Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaş mugallymy Aşyrguly Saparowa, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Göwher Nuryýewa, Hudaýnazar Pürliýewe, Ahal welaýatynyň medeniýet merkeziniň suratkeş bezegçisi Bäşim Gaipberdiýewe, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasynyň «Zümerret» zergärçilik önümleri bölüminiň zergäri Salam Nuryýewe, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Göwher Seýitjanowa, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Orazguly Kakaýewe, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogulnur Öräýewa, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçe Medeniýet merkeziniň suratkeş-bezegçisi Hemra Taganowa, Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginiň ýaşaýjysy, zergär Şöhrat Akmyradowa «Çeper döredijiligiň halk ussasynyň» Şahadatnamasy gowşuryldy. «Çekseň zähmet, ýagar rehnet» diýilişi ýaly çekýän zähmetimize ýokary baha berlip, «Çeper döredijiligiň halk ussasy» adyna eýe bolduk. Ussalaryň döredijilikli zähmetine goýulýan hormat we döredijilikli işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy aman, ýurdumyzyň, halkymyzyň geljegi üçin durmuşa geçirýän beýik işleri baky rowaç bolsun» diýip, zergärler maslahatda ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.