TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «ÝAŞLAR-WATANYŇ DAÝANJY» ATLY KITABY ÝAPON DILINDE NEŞIR EDILDI
18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşda barasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmunly bu eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar.
Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy..
«Türkmenistan» gazeti