GEZDIM ŞYGRYŇ DÜNÝÄSINDE
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň «Gezdim şygryň dünýäsinde» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gözel Şagulyýewanyň milli medeniýetimiziň gülläp ösmeginde, halkymyzyň köňül joşgunyny beýan etmekde, edebiýat meýdanynda uly hyzmatynyň bardygy, sungatyň şeýda bilbiline öwrülip diňe bir şelpeli şygyrlary däl, eýsem süýji sözleri bilen özüne imrindirýän kyssa eserleriniň bardygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda şahyryň «Gezdim şygryň dünýäsinde» atly kitabyndan birnäçe goşgular çeper okaldy.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýazyjy şahyrlarymyzyň goşgularyny ýaş nesillere wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.