MAGTYMGULY PYRAGY-TÜRKMEN RUHUNYŇ ŞAMÇYRAGY
«Magtymguly Pyragy-türkmen ruhunyň şamçyragy» atly söhbetdeşlik Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Magtymguly Pyragy-türkmen ruhunyň şamçyragy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Bu söhbetdeşlige gatnaşyjylar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň akyldar şahyry bolmak bilen çäklenmän, eýsem umumadamzat şahyrydygyny, Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, watansöýüjilik, ar-namys, yşk-söýgi, gaýratlylyk ýaly nakyla öwrülip giden gymmatly setirleri, ajaýyp goşgulary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.