«TÄZE ÝYL» BAÝRAMÇYLYGY MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Täze ýyl» baýramçylygy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, eziz Watanymyzyň parahatçylyk babatda gazanýan üstünlikleri barada şeýle-de döwlet derejesindäki milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz, türkmen halkyny bir supranyň başyna jemleýändigi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Täze ýyl baýramçylygyny ýagşy arzuw-niýetlere besläp garşylaýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.