«DILLER-DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ ÝOL KARTASY» ATLY FESTIWAL
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yglan eden 2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy» mynasybetli hem-de «Türkmenistanda Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alyp, Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Diller-dünýä medeniýetiniň ýol kartasy» atly festiwaly geçirildi.
Bu festiwal talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, pikirleniş ukyplaryny ösdürmek, topar bolup işlemek we öwrenmek endiklerini gazanmak, nazary we amaly bilimlerini berkitmek we kämilleşdirmek maksady bilen geçirilip, oňa ugurdaş orta hünär okuw mekdepleri bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem işjeň gatnaşdylar.

Festiwalyň çäginde «Aýdym-saz sungatynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti» atly geçirilen okuw-usuly maslahatynda mugallymlaryň gyzykly çykyşlary diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Maslahat ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryndan düzülen toparlarlaryň arasynda geçirilen «Dilleriň bilgirjeleri» atly bäsleşigi bilen dowam etdi. Bu bäsleşige ähli hünärleri boýunça talyplar gatnaşyp sanly bilim ulgamyna salgylanyp, prezentasiýalaryň üsti bilen taýýarlanylan ýumuşlary ýerine ýetirdiler, şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularyny daşary ýurt dillerinde labyzly okadylar, daşary ýurt dillerinde ýaňyltmaçlary çalt we dürs aýtmaklyga çalyşdylar hem-de her topardan bir talyp iňlis dilinde ýa-da rus dilinde aýdym ýerine ýetirdiler. Şeýlelik-de, festiwalyň ýapylyş dabarasy daşary ýurt dillerinde ýaňlanan aýdymlar bilen jemlenip, mugallymlarda we talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy.