AK ARZUWLY TÄZE ÝYL


AK ARZUWLY TÄZE ÝYL

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Arkadag şäherimizdäki bezelen arçasynda «Ak arzuwly Täze ýyl» atly gezelenç, söhbetdeşlik geçirildi.

Halkymyzyň gülden näzik kalbyny oňat arzuwlara, şatlyk şowhuna besleýän Täze 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» garşylamak her birimiz üçin ýakymly. Bezelen ýaşyl arçanyň täsin öwüşgünleri, Täze ýylyň ak arzuwlarynyň, päk niýetleriniň baýramydygyna güwä geçýär. Arkadag şäherimizdäki bezelen müň öwüşginli ýaşyl arçasyna gezelenje gelen bagtyýar çagajyklar bezelen arçanyň daşynda gol tutuşyp aýlandylar hem-de Täze ýyla bagyşlanan ajaýyp goşgularyny täsirli aýdyp berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy Täze ýyl bilen gyzgyn gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurdumyz bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.