BAGT PAÝLAÝAN TÄZE ÝYL
Lebap welaýat kitaphanasynda ajaýyp binada zähmet çekýän kitaphana hünärmenleriniň we «Türkmen gündogary» gazediniň redaksiýasynyň bilelikde gurnamaklarynda «Täze ýyl-ýagşy arzuwlaryň baýramy» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri we kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde tamamlanyp barýan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hakykatdan hem ýurdumyzyň gelejegine öwüşgünlik beren, göwünleri galkyndyryjy ýyllaryň biri boldy.
Bu ýylda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli özgertmeleriň birnäçesi durmuşa geçirilendigi, medeni-durmuş binalar açylyp ulanylmaga berilendigi, her bir ulgamda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler her bir raýatymyzyň ýüreklerine buýsanç berdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilen özgertmeler Garaşsyz, Baky Bitarap Diýarymyza nur bolup geljek 2025-nji ýyl hem beýik ýeňişleriň, parahatçylygyň, ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýän ýyly bolmagyny arzuw etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlerde ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň elmyda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.