SUNGATDA YZ GOÝAN USSAT HALYPALAR
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çeperçilik mirasymyzy gorap saklamak we oňa mynasyp baha bermek üçin ata Watanymyzda ähli şertleriň döredilmegi biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen medeniýetine we sungatyna aýratyn üns berilýär. Munuň netijesinde hem şekillendiriş sungatymyzyň gün-günden beýgelmegi aýdyň mysal bolup durýar.
2024-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ussat halypalarymyzyň «Ýedilik» atly döredijilik ýatlama sergisi geçirildi. 1960-njy ýyllaryň sungatyny kämillik derejesine ýetiren, türkmen şekillendiriş sungatynyň taryhynda yz goýan Durdy Baýramowyň, Stanislaw Babikowyň, Gulnazar Begmyradowyň, Çary Amangeldiýewiň, Mämmet Mämmedowyň, Şamuhammet Akmuhammedowyň hem-de heýkeltaraş Juma Jumadurdyýewiň ussatlygy halk sungaty bilen baglanyşdyryp täze döredijilik ýollaryny açdylar. Ajaýyp ýediligiň ilkinji sergisi 1971-nji ýylda Moskwada geçirilen döredijilik bäsleşigine gatnaşyp, özleriniň ussatlyklary bilen Türkmen şekillendiriş sungatyny dünýä ýaýan ajaýyp ussat ýedi suratkeşiň eserleri sergilendi.
Sungat–bu her bir ynsanyň ruhy döredijiligi özboluşly aýratynlyga eýe bolýar. Käbir suratkeşler daşky gurşawy wasp etmegi, käbirleri bolsa manylara gizlenip ýatan syrly suratlary çekmegi halaýar. Her bir şekil, her reňk giden many aňlatmagy başarýar, ýöne olary ýerlikli ulanmak eseriň owadanlygyny, many taýdan çuňdygyny açyp görkezmek uly ussatlygy talap edýär. Bu sergide Türkmen Şekillendiriş sungatynda at gazanan işgäri Kakajan Oraznepesowyň «Ýedigen» atly nakgaş eseri sergilendi. Olardan Ş.Akmuhammedowyň «Idris baba medresesi», «Garagumyň üstündäki gün», G.Begmyradowyň «Gerkezli dag zenany», S.Babikowyň «Güýzki üzümçilik», D.Baýramowyň «Oba çagalary», Ç.Amangeldiýewiň «Bagşy Magtymguly Garryýew» ýaly birnäçe ajaýyp eserleri hem-de heýkeltaraş J.Jumadurdyýewiň «Zenan portreti» we başga-da birnäçe ussatlyk bilen ýerine ýetiren eserleri sergilendi. Şeýle halypalar bilen döredijilik duşuşyklarynyň geçirilmegi ýaşlaryň Watana, hünärine bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Sungatymyzyň ussat halypalaryny sarpalamakda, olaryň ussatlyk bilen döreden eserlerini ýaş nesillerimize ýetirmekde, milli şekillendiriş sungatymyzy ösdürmeklige edýän tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!