HAKYDA GÖWHERI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas dürüdir. Kitaphana gelýän okyjylarymyz paýhas çeşmesidir.
Çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!