«BEÝIK TÜRKMEN ŞAHYRY» ADY BILEN SEÝIT NESIMINIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 655 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SÖHBETDEŞLIK
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde S.Nesiminiň doglan gününiň 655 ýyllygyna bagyşlap «Beýik türkmen şahyry» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz ýazyjynyň ömri döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Mekdep okuwçylary hem öz gezeginde ýazynyň goşgularyny aýdyp bermek bilen bir hatarda onuň eserlerinden sowal-jogap alyşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekillerini ösüp gelýän ýaş nesle wagyz etmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.