TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
23-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda topragy fosfor döküni bilen gurplandyrmak, sürüm, tekizleýiş işleri dowam edýär. Ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmek, welaýatyň bazarlarynda we dükanlarynda haryt bolçulygyny üpjün etmek babatda degişli çäreler görülýär.
«Türkmenistan» gazeti