KITAP BILIMLERIŇ ÇEŞMESI SUNGATLARYŇ GÖZBAŞY
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda «Kitap-bilimleriň çeşmesi sungatlaryň gözbaşy» ady bilen konserwatoriýanyň mugallymlarynyň aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça ýazan kitaplaryndan kitap sergisi we tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu sergi talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda biziň medeniýetimiz we sungatymyz özgerýär, ösýär. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň aýdym-saz ugrunda görelde mekdebi bolmagynyň özi hem aýdym-saza goýulýan uly sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. Milli medeniýetimiziň dünýä derejesinde ýaýbaňlandyrylmagy medeniýet we sungat işgärlerine aýratyn hormat goýulýandygynyň aýdyň görkezijisidir.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmakda medeniýet ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Medeniýet we sungat halkyň ruhy baýlygydyr. Medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde aýratyn orun degişlidir» diýip örän jaýdar belläp geçýär.
Serginiň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň mugallymlary R.Amangeldiýewiň «Türkmen kompozitorlarynyň instrumental eserlerinde sonata formasy», M.Gapurowyň «Halk saz gurallary ansambllary üçin eserler», S.Nuryýewanyň «Fortepiano üçin eserleriň ýygyndysy», H.Muhammetgulyýewiň «Akkordeon üçin eserleriň ýygyndysy», M.Gurbanowyň we L.Nasyrowanyň bilelikde ýazan «Gitara» kitaby, S.Tüýliýewiň «Теория туркменской музыки», Ýe.Osipowa we R.Muhammedowyň bilelikde ýazan «Türkmen sazynyň teoriýasy» I kitaby boýunça awtorlary gysgaça tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Şeýle hem täze kitaplar boýunça talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglary awtorlar bilen söhbetdeşlik arkaly dowam etdiler. Türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde konserwatoriýanyň mugallymlarynyň täze kitaplary talyp ýaşlara uly gollanma bolup hyzmat eder.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmeginde döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
