PYRAGYNYŇ DERGÄHINDE
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklanýan bölümi «Pyragynyň dergähinde» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň milli medeni, edebi we taryhy mirasy dünýä ýaýylýar. Munuň özi ýaş nesilleriň kalbynda milli mirasymyza bolan çuňňur garaýşyň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Şol sanda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy içgin öwrenilip, olary halka ýaýmakda bahasyna ýetip bolmajak uly işler alnyp barylýar diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler adamzat nesliniň öçmejek şamçyragy Magtymguly Pyragyny çuňňur hormatlaýan hem-de sarpalaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler.