TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler, taýýarlanylan taslamalar bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Milli Liderimiz bagtyýar halkymyzy Täze ýyl baýramçylygy bilen gutlady.

Şu günler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilýän işleriň depgini barha ýokarlanýar. Dürli maksatly binalaryň we lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär.

Milli Liderimiz gyş paslynyň säher çaglarynda döwrüň ösen tejribesi we sanly tehnologiýalaryň mümkinçilikleri esasynda gözel künjekde binýat bolan Arkadag şäherine geldi. Häzirki wagtda şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işler sazlaşykly esasda dowam edýär. Munuň özi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi babatda degişli derejede tagalla edilýändigini görkezýär.

«Türkmenistan» gazeti