TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

30-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň ýakyn goňşusy hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolan Özbegistan Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklara ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garalýandygyny belledi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklar dostlugyň berk binýadyna, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan syýasy erke esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

«Türkmenistan» gazeti